Awstraliýada gizlin hazyna gözleýji agramy 1,2 kilogram bolan sap altyn bölegini tapdy. Öz sözlerine görä, ol Tibuburr şäherjiginden uzakdan bolmadyk ýeri birnäçe günläp dörüpdir diýip, «MIR 24» habar berdi.
Birdenkä onuň metal gözleýji enjamy pes sesli duýduryş çykaryp başlady, erkek kişi birbada kiçeňräk gymmatly metalyň üstünden barandyryn öýtdi. Emma topraga çuň aralaşdygyça, enjam has gaty we ýygy-ýygydan ses çykardy. Netijede, höwesjeň altyn gözleýji ol ýerden sap altyn tokgasyny tapdy. Onuň umumy agramynyň 940 gramynyň arassa altyndygy, galan böleginiň kwarsdygy aýdylýar. Awstraliýaly öz tapyndysyna «Tibuburr ýeralmasy» diýip at berdi.
Hünärmenler tapyndynyň bazar bahasyny 150-160 müň awstraliýa dollary diýip hasaplaýarlar. Emma hazyna gözleýjiniň özi gyzyklanýan toplaýjylaryň altyn daşa 200 müň dollar tölejekdiklerine ynanýar.