Turkmenportal logo
Düýn 09:35
62496249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Siriýadaky sil joşgunlarynda 400 maşgala göçürildi
Surat: mir24.tv

Siriýadaky sil joşgunlarynda bäş adam, şol sanda dört çaga pida boldy. Ýene bäş adam dereksiz ýitdi. Gark bolan zolakdan 400-e golaý maşgala göçürildi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ýedi sany iri infrastruktura binalaryna zeper ýetdi. Baş gara ýolda köpri hatardan çykdy. Suw akymy ýoly bökdäp, ulag gatnawyny bozdy, bir awtoulagy suw äkitdi.

Ejir çeken etraplara kömek etmek üçin dessin gulluk toparlary bardy.