Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutany birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi.
TDH-de habar berlişi ýaly, Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Ankara şäheriniň Etimesgut howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentiň uçary paýtagtyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Olar Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem olar döwlet Baştutanyny halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň berilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.