Turkmenportal logo
Düýn 23:33
45564556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti çakylygy kabul edip gelendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň bu gün geçirilen nobatdaky sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu sammite gatnaşmaga çakylyk, Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkiýäniň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkiýede uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.