Şu gün Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammiti geçirildi. Bu barada «Anadolu Ajansi» habarlar agentligi ýazýar.
Sammitiň öňýanynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilelikdäki surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.
Häzirki wagtda Türkiýäniň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Tufan Erhürmanyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüralyýewiň gatnaşmagynda sammit dowam edýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, sammitiň dowamynda taraplar guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar.