Turkmenportal logo
30.10.2026
95039503
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň iki dilde neşir edilen ýygyndysy Ankarada geçirilen forumda tanyşdyryldy

Ankara şäherinde Türk dünýäsiniň dialog forumynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragynyň akyl hazynasy» atly kitap bilen tanyşdyryldy. Neşir Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň gatnaşmagynda Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş agentligi (TİKA) tarapyndan taýýarlanyldy. Kitap ilkinji gezek 2024-nji ýylda Ankarada şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde tanyşdyrylypdy. Neşiri çap etmäge taýýarlyk işleri 2024–2025-nji ýyllarda alnyp baryldy, ilkinji neşiri bolsa 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda çapdan çykdy. Bu barada «Turkmenportal» neşiriniň habarçysy habar berýär.

Kitapda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri iki dilde – türkmen we türk dillerinde ýerleşdirilipdir. Neşirde berilýän maglumatlara görä, onuň redaktorlary professor Abdurrahman Güzel we professor Berdi Saryýew bolup durýar. Taslamanyň ýolbaşçysy hökmünde TİKA-nyň başlygynyň orunbasary Ümit Najy Ýorulmaz görkezilýär. Tekstleri taýýarlamak işine alymlaryň topary gatnaşdy. Neşiriň umumy göwrümi 834 sahypadan ybarat.

Kitabyň giriş bölüminde neşiriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanandygy bellenilýär. «Parahatçylygyň owazy» atly sözbaşysynda awtorlar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk temasynyň beýan edilişine garap geçýärler. Şeýle hem olar Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigini, 2025-nji ýylyň bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylandygyny ýatladýarlar.