Turkmenportal logo
30.10.2026
50815081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Binance» kriptopul biržasyna hüjüm edildi

Dünýäniň iri kriptopul biržasy kezzaplaryň hüjümine sezewar boldy. «Binance» söwda meýdançasynyň ýolbaşçylygynyň habar bermegine görä, jenaýatçylara 6,3 milliard dollary töweregi kriptopuly ogurlamak başartdy, şondan soňra edara kriptopul bilen bagly şübheli operasiýalary togtatdy diýip, «news.by» habar berdi.

Bu waka bilen baglylykda, tokenleriň köpüsiniň hümmedi dessine üýtgedi, ýagny bitkoin we efirium 2-4 göterim arzanlady, olaryň hümmedi heniz hem kadalaşanok.

Öň anna gijesi «Binance» platformasyny esaslandyryjy Çanpen Çžao gizlin hakeriň işläp düzüji-inženeriň noutbugynyň üsti bilen serwisiň konteýnerine aralaşandygyny habar berdi. Çžao platformadan peýdalanyjylary olaryň serişdeleriniň howpsuzlyk astyndadygyna, gapjyklaryň açarlarynyň ogurlanmandygyna ynandyrdy.