Turkmenportal logo
30.10.2026
68596859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede Türk dünýäsiniň dialogy forumy öz işine başlady

Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkiýäniň Ankara şäherinde Türk dünýäsiniň dialogy forumy öz işine başlady. Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirligi tarapyndan guralan forum iki gün dowam eder.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň başlygy, professor Burhanettin Duran we Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Jewdet Ýylmaz halkara giňişliginde döwletleriň täsiriniň diňe bir ykdysady kuwwaty we harby mümkinçilikleri bilen däl-de, eýsem «bilim öndürmek, ony dogry ýaýratmak we öz sesiňi dünýä ýetirmek ukyby» bilen hem kesgitlenýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, sanly kommunikasiýalar maglumatlara elýeterliligi ýeňilleşdirýär, emma ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagy we manipulýasiýalar jemgyýetleriň arasyndaky ynamy pese düşürip biler. Şunuň bilen baglylykda, ol Türk dünýäsiniň umumy meselelerine öz garaýşynyň esasynda çemeleşmeginiň we ygtybarly maglumatlaryň ýaýradylmagyny işjeňleşdirmeginiň möhümdigini nygtady.

Wise-prezident Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada hem durup geçdi. Bu hyzmatdaşlyk maglumat we media meselelerine jogapkär ministrleriň yzygiderli duşuşyklarynyň, Media boýunça utgaşdyryjy komitetiň hem-de iş toparlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Ol 2023-nji ýylda Türk habarlar agentlikleriniň birleşiginiň döredilendigini ýatlatdy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Bakuwda kabul edilen Hereketler meýilnamasyny belläp geçdi.

Jewdet Ýylmaz şu ýylyň iýun aýynda Astana şäherinde 34 harpdan ybarat umumy türk elipbiýini ulanmagyň esasy ýörelgeleriniň kabul edilendigini habar berdi. Ol «2040-njy ýyla çenli Türk dünýäsiniň garaýyşlary» atly resminamanyň syýasy geňeşmelerden başlap, ykdysady arabaglanyşyga, ylym we tehnologiýalardan medeniýete hem-de ýaşlar syýasatyna çenli dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin binýady bolup durýandygyny aýtdy.

Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, birinji gün panel ara alyp maslahatlaşmalary we tegelek stol duşuşyklary geçiriler. Olarda Türk dünýäsinde media we kommunikasiýalar, parlament diplomatiýasy, energetika, strategik kommunikasiýalar hem-de ýalan maglumatlara garşy göreş ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň ikinji gününde bolsa emeli aň, Türk dünýäsiniň geosyýasy orny we ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garalar.