24–31-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi Aşgabat şäherindäki Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen Lu Ban ussahanasynda mugallymlar we talyp ýaşlar üçin okuw sapaklaryny geçirýärler.
Okuw sapaklary mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Türkmenistanda Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, degişli ugur boýunça ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär — diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda Lu Ban ussahanasynyň dabaraly açylyşy 16-njy aprelde bolup geçdi.
Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyş-çalyşlar assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda ähtnama esaslanýar.