Türkmenistanly dalaşgärler Gresiýanyň döwlet uniwersitetlerine giriş synaglaryny tabşyrmazdan girip bilerler. Resminamalary 2027-nji ýylyň aprel aýyna çenli tabşyryp bolýar.
Türkmenistanyň raýatlary üçin Gresiýanyň döwlet uniwersitetlerinde 2027–2028-nji okuw ýylynda okamaga ýüz tutmak mümkinçiligi açyldy. Bu barada 2009-njy ýyldan bäri Gresiýada iş alyp barýan «Ваш Центр» (VASH CENTER) ýuridik kompaniýasy habar berýär.
Daşary ýurtlylar üçin mugt bilim
Gresiýanyň döwlet uniwersitetlerinde okuw mugt bolup, ol hut daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenendir. Okuwa giriş synaglary tabşyrmazdan kabul edilýär. Şeýle hem talyplara mugt okuw kitaplary we okuw serişdeleri berilýär.
Okuwyň 4 esasy ugry:
Lukmançylyk
Ynsanperwer ylymlar
Tehniki ylymlar
Ykdysadyýet we informatika
Talyplar näme alýarlar?
döwlet uniwersitetinde mugt bilim;
talyplar umumy ýaşaýyş jaýynda mugt otag we talyp naharhanasynda mugt naharlanmak;
uniwersitet tamamlanandan soň Ýewropa derejesindäki diplom;
talyplar alyşmak boýunça «Erasmus+» halkara maksatnamasyna gatnaşmak mümkinçiligi;
hereket edýän düzgünlere laýyklykda, Gresiýada ýaşamak üçin ygtyýarnama resmileşdirmek mümkinçiligi;
ýaş çäklendirmeleriniň bolmazlygy.
Ilkinji ýyl grek diline bagyşlanýar
Grek uniwersitetlerinde okuw grek dilinde alnyp barylýar, şonuň üçin dalaşgärler ilki bilen taýýarlyk dil okuwlaryny («podkurs») geçýärler. Girişe taýýarlyga başlamak üçin grek dilini öňünden bilmek talap edilmeýär.
Resminamalary haçan tabşmaly?
2027–2028-nji okuw ýyly üçin arzalary kabul etmek eýýäm başlandy. Häzirki wagtda dalaşgärler maslahat alyp, goldaw barada şertnama baglaşyp bilerler we resminamalary taýýarlamaga, şol sanda olary resmileşdirmäge girişip bilerler. Gresiýada resminamalaryň tabşyrylyşy 1 – 10-njy iýul aralygynda geçýär, şonuň üçin taýýarlygy soňky pursata çenli gijikdirmäň.
Haýsy resminamalar gerek?
Okuwa girmek üçin üç resminama zerur bolup durýar:
attestat, ýagny berlen ýurdunda uniwersitetde bilim almaga hukuk berýän orta bilim hakyndaky şahadatnama (10, 11 ýa-da 12 synp);
dogluş hakynda şahadatnama;
mekdepden güwänama.
Eger dalaşgäriň 9 synp bilimi bolsa, goşmaça orta hünär okuw mekdebiniň, tehnikumyň ýa-da kollejiň diplomy talap edilip bilner. Onuň ulanylyş mümkinçiligi bilimiň derejesine, resminamanyň ykrar edilmegine we grek tarapynyň talaplaryna laýyk gelmegine baglydyr. Resminamalaryňyzy «Ваш Центр» merkezinde öňünden barladyp bilersiňiz.
Nädip maslahat almaly?
Türkmenistanda kompaniýanyň resmi wekili işleýär. Ol okuwa giriş tertibine öwrenmäge we zerur resminamalary taýýarlamaga ýardam berer.
Mugt ilkinji maslahat:
Telefon / WhatsApp / IMO: +993 (65) 89 13 31
Sosial ulgamdaky sahypasy: @rustm911
Elektron poçta: rustam.nurullintm@gmail.com
Web-saýty: vashcenter.gr