Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk ýurduň halkyna Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini belläp, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.