Turkmenportal logo
28.10.2026
1667016670
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» şu gün AFK-2 Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşar

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby şu gün, 28-nji oktýabrda, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejesiniň (AFK-2) 2026/2027-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Eýranyň toparynyň ýaryşyň çäklerindäki şertli öý oýunlaryny geçirýän Täjigistanda bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.

Duşuşyga FIFA-nyň emini Nasrullo Kabirowyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistanyň eminler topary hyzmat eder. Oňa Akmal Buriýew we Husrawi Siddikzod kömek eder. Ätiýaçlyk emin hökmünde Saýýojon Zaýniddinow bellenildi.

Duşuşygyň göni ýaýlymyna «YouTube» platformasyndaky «The AFC Hub» kanaly arkaly tomaşa edip bolar.

Toparçalaýyn tapgyryň birinji duşuşygynda «Arkadag» Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ikinji duşuşykda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy. Iki tapgyrdan soň toparçada «Al-Jazira» dört utuk bilen öňdeligi eýeleýär. «Al-Muharrak» bilen «Arkadagyň» hersiniň üç utugy bar. Bir utuk gazanan «Gol Gohar» bolsa B toparçasynyň sanawyny jemleýär.

«Arkadag» bilen «Gol Goharyň» arasyndaky jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Türkmenistanyň topary toparçalaýyn tapgyrdaky çykyşyny 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen we 9-njy dekabrda öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen geçiriljek duşuşyklar bilen tamamlar.

Ýaryşyň 1/8 final tapgyryna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki topar çykar. Bu tapgyryň duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 2–18-nji martda, ýarym final duşuşyklary bolsa 6–14-nji aprelde bolar. Final duşuşygy 15-nji maýa meýilleşdirilýär.