Turkmenportal
28.10.2026
88688868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Halkara pul gaznasynyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki meseleleri we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Ykdysady ösüş meseleleri boýunça hünär dialogyny giňeltmegiň we halkara tejribesini alyşmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Taraplar makroykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, ykdysady mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de häzirki zaman ykdysady meselelerini çözmegiň döwrebap çemeleşmelerini öwrenmek bilen baglylykda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Ykdysady syýasat meseleleri boýunça özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga ýardam berýän bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygyň we geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.