Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdeplerinde güýzki dynç alyş günlerinde okuwçylaryň boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, dürli aň-bilim çäreleri guralýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, okuwçylaryň köpüsi edebiýat bäsleşiklerine, halkara derejeli ders we taslama olimpiadalaryna, şeýle hem sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar.

Edebiýaty söýýän ýaşlar üçin şahyrana agşamlar geçirilýär. Okuwçylar biri-biriniň döredijiligi bilen tanyşmak maksady bilen, özleriniň halaýan edebi eserlerini we öz döreden goşgularyny okaýarlar. Şeýle çäreleriň giň gerimde we köpugurly häsiýetde geçirilmegi mekdep okuwçylarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Güýzki dynç alyş günleriniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde okuwçylar üçin kitaphanalara we muzeýlere tematik gezelençler guralýar. Bu gezelençleriň dowamynda ýaşlar gözelligiň we sungatyň täsin dünýäsi bilen tanyşýarlar.

Mekdep okuwçylary zawodlara, fabriklere we hususy önümçilik kärhanalaryna hem gezelenç edýärler. Şeýle gezelençler olara dürli önümleriň nähili öndürilýändigi we önümçilikde haýsy serişdeleriň ulanylýandygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.