Turkmenportal logo
24.10.2026
3013030130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» 26-njy oktýabrdan başlap Aşgabat bilen Stambul arasynda hepdede 18 uçuş amala aşyrar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 uçuş amala aşyryp başlar. Bu barada awiakompaniýa habar berdi.

Tertip 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket eder. Her tarapa her gün iki uçuş amala aşyrylýar.

Stambuldan TK322 belgili uçuş (sagat 21:15-de ugraýar, Aşgabada 02:55-de gelýär) we TK324 belgili uçuş (01:55-de ugraýar, 07:40-da gelýär) uçýar. Aşgabatdan bolsa TK323 (04:15-de ugraýar, Stambula 06:30-da barýar) we TK325 (09:00-da ugraýar, 11:10-da gelýär) ugraýar.

Şeýle hem duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde uçuşlaryň üçünji tapgyry amala aşyrylýar. TK320 Stambuldan sagat 14:25-de ugraýar we Aşgabada 20:10-da gelýär, TK321 bolsa Aşgabatdan 21:30-da ugraýar we Stambula 23:45-de barýar. Bu uçuşlar 2027-nji ýylyň 26-njy martyna çenli hereket eder.

Uçuşlaryň ugraýan we gelýän wagty ýerli wagt bilen görkezilendir.