Turkmenportal logo
24.10.2026
1831818318
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» halaýan tortlaryňyzyň amatly görnüşini hödürleýär

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry alyjylara dürli tagamly tortlaryň dilimlenen böleklerini hödürleýär. Bu amatlylyk tutuş bir torty sargyt etmezden, halaýan süýjüligiňizden lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Hödürlenilýän önümleriň arasynda şokoladly tortlar, näzik ak kremli süýjülikler we hozly görnüşler bar. Tagamlaryň köpdürlüligi çaýyň ýa-da kofeniň ýanyna süýjülik saýlamaga, maşgala agşamynyň saçagyny baýlaşdyrmaga ýa-da iş gününiň dowamynda ýakymly arakesme etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle görnüş dürli süýjülikleri dadyp görmek ýa-da özüni süýji zat bilen begendirmek isleýänler üçin örän amatlydyr. Özüňiz üçin halan tagamyňyzy saýlap bilersiňiz ýa-da ýakynlaryňyz we kärdeşleriňiz üçin birnäçe bölegi alyp bilersiňiz.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynda maşgala dabaralary, doglan günler we beýleki baýramçylyklar üçin bitin tortlar hem elýeterlidir.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary her gün sagat 8:00-den 22:45-e çenli işleýär. Sargytlary Aşgabatdaky üç dükanda hem berip bolýar, 150 manatdan ýokary sargytlar üçin bolsa Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça mugt eltip bermek hyzmaty hereket edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61.

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62.

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.