«Milli & Co.» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we direktory Batyr Rejepow Dubaýyň gozgalmaýan emläk ugry boýunça öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Imtiaz Developments» kompaniýasynyň baş direktory Masih Imtiaz bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi.

B.Rejepow Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynda we Ženewada bilim aldy. Ol telekeçilik işine Türkmenistanda «Ak Nesil» bilim merkezini esaslandyrmak bilen başlady. Soňra zähmet ýoluny Dubaýda «Edwards & Towers» kompaniýasynda dowam etdirdi. Soňlugy bilen ol BAE-niň gozgalmaýan emläk bazarynda ýöriteleşen «Milli & Co.» hususy kompaniýasyny esaslandyrdy.
Duşuşygyň dowamynda B.Rejepow Masih Imtiaza milli mirasyň, hormat-sarpanyň we dostlugyň nyşany hökmünde elde dokalan türkmen halysyny sowgat etdi.
Masih Imtiazyň ýolbaşçylyk edýän «Imtiaz Developments» kompaniýasy Dubaýyň gozgalmaýan emläk bazarynda iş alyp barýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mаglumatlaryna görä, kompaniýa iki aýyň dowamynda, takmynan, 953 million dollarlyk (3,5 milliard dirhem) taslamalary satdy. Iki taslama hem tanyşdyrylan güni doly satyldy we kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu Dubaý üçin rekord görkezijidir.