Turkmenportal
23.10.2026
1208612086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurt wekilleriniň OGT– 2026 forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmegini e-Visa hyzmaty ýeňilleşdirdi

Elektron wiza hyzmaty (e-Visa) «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara sergä we maslahata gatnaşýan daşary ýurt wekillerini çärä çekmek işini guramaçylar üçin ep-esli ýeňilleşdirdi. Bu barada «Turkmen Energy Forum» (TEF) guramasynyň direktory Nazar Atajanow forumyň jemlerine bagyşlanan metbugat ýygnagynda žurnalistlere habar berdi.

Onuň sözlerine görä, elektron wiza hyzmaty işleri ep-esli ýeňilleşdiripdir. Ol Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň arzalar boýunça bolup geçýän üýtgeşmeler barada ýüz tutujylara gönüden-göni habar berýändigini belledi. Şonuň netijesinde, dalaşgärler arzalarynyň ýagdaýy barada alada etmän, tölegleri hem özbaşdak geçirip bilýärler.

Nazar Atajanow daşary ýurtly wekilleriň Türkmenistana gelenlerinde, guramaçylaryň olara çäresiniň dowamynda ýakynlary bilen hemişe aragatnaşykda bolup bilmekleri üçin çäksiz internetli SIM-kartlary berendigini hem aýtdy.

Mundan öň Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, elektron wiza (e-Visa) ulgamynyň ornaşdyrylýandygy habar berlipdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň bellemegine görä, bu ulgam ýurda gelýän daşary ýurt raýatlarynyň wagtyny tygşytlamaga, resminama dolanyşygyny elektron görnüşde alyp barmaga, şeýle hem degişli işleri gysga möhletde we ýönekeýleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berer.