Turkmenportal
23.10.2026
1515715157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär we ony tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýardyr. Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara serginiň we maslahatyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew žurnalistlere habar berdi.

Maksat Babaýewiň sözlerine görä, Türkmenistan bu taslama köp wagtdan bäri gyzyklanma bildirýär. Onuň bellemegine görä, ýurdy diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygy däl, eýsem, kabel çekmek, logistika ugurlaryny ösdürmek we port infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýaly işleri öz içine alýan umumy Hazarüsti geçelgesi hem gyzyklandyrýar.

Maksat Babaýew taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli taraplaryň oňa gyzyklanma bildirmeginiň we işe girişmäge taýýardygynyň zerurdygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan bu ugurda işe başlamaga taýýar. Gepleşikleriň bolsa dowam etdirilmegine garaşylýar.

Maksat Babaýewiň düşündirmegine görä, Hazarüsti ugry boýunça gaz üpjünçiligini ýola goýmak üçin «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmak zerurdyr.

Azerbaýjan bilen geçirilýän gepleşikler baradaky sowala jogap berip, ol Türkmenistanyň ozalkysy ýaly tebigy gazy öz serhedinde satmaga taýýardygyny aýtdy.

Mundan öň Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna tebigy gaz ibermek meýilleşdirilýändigi habar berlipdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Çärä 75 ýurtdan takmynan 1,7 müň wekil gatnaşdy. Olar 450-den gowrak kompaniýa we halkara gurama wekilçilik etdiler. Forumuň guramaçylary «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Turkmen Energy Forum» (TEF) kompaniýasy boldy.