«Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň Şansi welaýatynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda-ykdysady maslahat geçirildi. Çäräniň esasy maksady ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy Hytaýyň merkezi böleginde ýerleşýän Şansi welaýatynyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Sebitiň senagat, ýokary tehnologiýalar, kosmos senagaty, gurluşyk we döwrebap infrastruktura ulgamyndaky gazananlaryna aýratyn üns berildi.
Türkmen işewür toparlarynyň wekilleri bolsa ýurdumyzyň telekeçilik jemgyýetiniň mümkinçilikleri, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler bilen çykyş etdiler. Çykyş edenleriň arasynda «Ojar Aziýa», «Täç hil», «Ak menzili» we beýleki kompaniýalaryň wekilleri boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara ynamyň, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň we göni işewürlik gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Maslahatyň çäklerinde türkmen we hytaý kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy hem-de ikitaraplaýyn işewürlik gepleşikleri geçirildi.
Çäräniň ahyrynda türkmen tarapy Hytaýyň işewür toparlarynyň wekillerini 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrdy.