Turkmenportal
23.10.2026
1335913359
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2026-njy ýylda 80 milliard kub metr gaz we 8 million tonna nebit çykarmagy meýilleşdirýär

«Türkmengaz» döwlet konserni 2026-njy ýylda takmynan 80 milliard kub metr gaz, «Türkmennebit» döwlet konserni bolsa 8 million tonna nebit çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara serginiň we maslahatyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Wekilmyrat Ussaýew žurnalistlere habar berdiler.

Maksat Babaýewiň sözlerine görä, 2027-nji ýylda hem tebigy gazyň çykarylyş möçberiniň şu ýylky derejesinde bolmagyna garaşylýar. Gaz önümçiliginiň takmynan 40 milliard kub metri eksport üçin niýetlenýär. Türkmen gazynyň esasy alyjylary Hytaý we Özbegistan bolmagynda galýar.

Maksat Babaýew 2027-nji ýylda TOPH gaz geçirijisi arkaly Owganystana gaz ibermegiň hem meýilleşdirilýändigini habar berdi. Taslama tamamlaýjy tapgyrda bolup, iberiljek gazyň möçberi häzir anyklaşdyrylýar.

Mundan öň 2025-nji ýylda Türkmenistanda 76,5 milliard kub metr gaz we 8,38 million tonna nebit çykarylandygy habar berlipdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Çärä 75 ýurtdan takmynan 1,7 müň wekil gatnaşdy. Olar 450-den gowrak kompaniýa we halkara gurama wekilçilik etdiler. Forumuň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Turkmen Energy Forum» (TEF) kompaniýasy çykyş etdiler.