Turkmenportal
23.10.2026
1374813748
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Açyk Açarlar Direktoriýasynyň 33-nji maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 20 — 22-nji oktýabr aralygynda Seýşel Adalary Respublikasynyň paýtagty Wiktoriýa şäherinde Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasynyň 33-nji maslahatyna gatnaşdylar.

Gullugyň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahatyň gün tertibi migrasiýa we serhet gözegçiligi ulgamyndaky giň gerimli wezipeleri öz içine aldy. Çäräniň dowamynda taraplar Açyk Açarlar Direktoriýasynyň 2026-njy ýylda durmuşa geçiren işleriniň netijelerini özara maslahatlaşdylar.

Şeýle hem serhet gözegçiligini we elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, maglumat enjamlarynyň tehniki binýadyny kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Maslahatyň dowamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, elektron resminamalary boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy. 
Açyk Açarlar Direktoriýasynyň müdiriýeti — bu Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň howpsuzlyk açyk açarlarynyň ählumumy ulgamynyň işine jogap berýän dolandyryjy edaradyr.