Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa 18–24-nji oktýabr aralygynda Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersitetinde leksiýa okaýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen alymynyň sapary «Myhman professor» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Türkmen mugallymynyň daşary ýurt uniwersiteti tarapyndan ilkinji gezek şeýle derejede sapak bermäge çagyrylmagy halkara hyzmatdaşlygynyň bu görnüşinde täze tejribe bolup durýar.
Maral Bekiýewa geljekki hünärmenlere üç ugur — «Programma inženerçiligi», «Matematika» we «Amaly matematika» boýunça leksiýalary okaýar. Sapaklar talyplara çuňňur matematiki nazaryýet bilen amaly meseleleriň arasyndaky baglanyşygy görkezmäge gönükdirilendir. Bu baglanyşyk inženerçilik hasaplamalaryndan başlap, ekologik modelleşdirmä çenli dürli ugurlary öz içine alýar.
Mugallym hökmünde Maral Bekiýewa matematiki analiziň, differensial deňlemeleriň, matematiki modelleşdirmäniň, ähtimallyklar nazaryýetiniň we biometrikanyň dürli meseleleri boýunça sapak berýär. Türkmen alymy we mugallymy Grodno uniwersitetine hut şu baý ylmy hem-de pedagogik tejribesini alyp geldi.
«Myhman professor» maksatnamasy Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersitetine okuw işine beýleki ýurtlardan öňdebaryjy alymlary we mugallymlary çekmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplara öňden tanyş bolan derslerine täzeçe garamaga, mugallymlara bolsa özara tejribe we okatmagyň usullary bilen paýlaşmaga şert döredýär.