Türkmenistanyň konditer önümlerini öndüriji «Kindi» kompaniýasynyň «Zer Design» (zer.design) agentligi tarapyndan taýýarlanylan saýty (kindi.land) web-dizaýn ulgamynda abraýly halkara baýragy bolan «Awwwards» baýragyna dalaşgärleriň sanawyna girdi. «Kindi Land» adyny göterýän bu taslama häzirki wagtda halkara eminler topary tarapyndan baha berilýär.
«Zer Design» agentligi üçin bu Türkmenistanyň işewürlik ulgamyndan «Awwwards» baýragyna dalaşgärleriň sanawyna girizilen ikinji taslamadyr. Mundan öň, 2025-nji ýylyň iýul aýynda alkogolsyz içgileri öndüriji «Arçalyk» kompaniýasynyň agentlik tarapyndan döredilen saýty hem şeýle ýokary derejä eýe bolupdy.

«Kindi» saýty Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) «Kiçi işewürlik üçin maslahatlar» (Advice for Small Businesses, ASB) maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyryldy. Onuň esasy maksady kompaniýanyň eksport kuwwatyny giňeltmekden we daşary ýurtly müşderileri: importýorlary, distribýutorlary hem-de söwda hyzmatdaşlaryny çekmekden ybaratdyr.
Saýtdaky maglumatlar türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir. Ol okyjylary «Kindi» we «Kitir» brendleri, olaryň önümleri, Türkmenistandaky önümçiligi hem-de eksport ugurlary bilen tanyşdyrýar. Potensial hyzmatdaşlar harytlaryň dürli görnüşlerini öwrenip, kompaniýanyň eksport topary bilen gönüden-göni habarlaşyp bilerler.

«Awwwards» bäsleşiginde taslamalara baha berlende dizaýn, ulanylyş amatlylygy, döredijilik we mazmun göz öňünde tutulýar. Baha berlişiň netijeleri boýunça «Kindi Land» halkara derejesindäki «Site of the Day» — «Günüň saýty» diýen abraýly baýraga dalaş edip biler.

«Arçalyk» we «Kindi» taslamalarynyň şeýle halkara meýdançasynda ýer almagy türkmen işewürligi bilen ýerli döredijilik senagatynyň hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykýandygyny görkezýär. Şeýle saýtlaryň her biriniň aňyrsynda ýerli önümler, telekeçilik başlangyçlary we öz zähmetini dünýäniň işewürlik bileleşigine hödürleýän ýerli hünärmenler durandyr.