Turkmenportal
22.10.2026
1063310633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Pakistan dini bilim we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň din işleri ministri Sardar Muhammed Ýusup bilen duşuşdy. Duşuşyga Pakistanyň Din işleri ministrliginiň federal sekretary Abror Ahmet Mirza hem gatnaşdy.

Pakistanyň Din işleri we dinara ylalaşyk ministrliginiň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dini bilimiň, medeniýetiň ösüşini hem-de iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Olar bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar sebitde dinara ylalaşygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalar barada hem ylalaşdylar.