Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunda Siriýanyň «Al-Ittihad» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk sişenbe güni Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.
Duşuşygyň göni ýaýlymy toparçalaýyn tapgyryň «A» toparyndaky merkezleşdirilen ýaryşyň eýesi bolan Butanyň «Paro» klubunyň resmi YouTube kanalynda görkeziler.
«Ahal» birinji tapgyrda Butanyň «Paro» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Türkmenistanyň wise-çempiony 2:0 hasabynda ynamly öňe saýlanandygyna garamazdan, ýeňşini elden giderdi we duşuşygyň 90-njy minutynda ikinji goly öz derwezesinde goýberdi.
«Al-Ittihad» bolsa ilkinji duşuşygynda Liwanyň «Al-Ansar» toparyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Birinji oýun gününden soň «A» toparçasynda üç utuk bilen «Al-Ansar» ýekelikde öňdeligi eýeleýär. «Ahal» bilen «Paro» toparlarynyň hersiniň bir utugy bar we olar ikinji orny paýlaşýarlar. «Al-Ittihad» bolsa entek utuk gazanyp bilmedi.
Toparçanyň ähli duşuşyklary Thimphu şäherinde bir aýlawly ulgam boýunça geçiriler. Çärýek finala sekiz topar çykar: Günbatar zolagyndan toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar, Gündogar zolagyndan bolsa her toparçanyň iň gowy iki topary saýlanar. Çärýek final duşuşyklary mart aýynda, ýarym final aprel aýynda geçiriler. Ýaryşyň final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 8-nji maýyna meýilleşdirilýär.
