Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 41 ýaşly kapitany Kriştianu Ronaldu 30 günüň dowamynda milli ýygyndynyň düzüminde çykyş etmek hukugyndan mahrum edildi. «A Bola» neşiriniň we TASS agentliginiň habar bermegine görä, Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň düzgün-nyzam geňeşi futbolça 255 ýewro möçberinde jerime salyndy.
Futbolça berlen jeza oňa garaşýan mümkin bolan jezadan ep-esli ýeňil boldy. Milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk edendigi üçin düzgünnama laýyklykda, futbolçy bir aýdan alty aýa çenli möhlet bilen çetleşdirilip bilinýärdi.
Bu waka 30-njy sentýabrda, Milletler ligasynyň Daniýa bilen geçiriljek oýnunyň öňüsyrasynda bolup geçdi. Ronaldu baş tälimçi Žorže Žezuş bilen arada ýüze çykan düşünişmezlikden soň, ýygyndy toparyň Kopengagendäki ýerleşýän ýerini terk edipdi. Mundan bir gün öň Norwegiýa bilen geçirilen duşuşykda hüjümçi ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda galdy. Duşuşygyň tamamlanmagyna takmynan ýarym sagat galanda tälimçi ony el-aýagyny ýazmak türgenleşigini geçirmek üçin meýdança çykardy, emma oýna gatnaşdyrmady.
Žorže Žezuşyň we federasiýanyň prezidenti Pedru Proensanyň futbolçynyň bu hereketinden saklamak baradaky synanyşyklary netije bermedi. Soňra Ronaldu janköýerlerden we topardaşlaryndan açyk ýagdaýda ötünç sorady, ýalňyşlyk goýberendigini boýun aldy we beriljek jezany kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky futbol ýoluny tamamlamak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi. Görnüşinden, futbolçynyň ötünç soramagy oňa berlen jezanyň ýeňilleşdirilmegine täsir eden esasy ýagdaýlaryň biri boldy.
