Turkmenportal logo
19.10.2026
1590315903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» platformasy Ewerestiň rowaýata öwrülen gahrymany Tensing Norgeý barada filmi tomaşaçylara ýetirdi

«Belet» platformasy 1953-nji ýylda täze zelandiýaly alpinist Edmund Hillari bilen bilelikde dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň gerşine taryhda ilkinji bolup çykan meşhur şerpa Tensing Norgeý barada gürrüň berýän «Tensing» (Tenzing) atly terjimehal häsiýetli başdan geçirmeler dramasyny tomaşaçylara ýetirdi.

Film Awstraliýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň we Nepalyň bilelikdäki önümçiligi bolup durýar. Filmiň sýužetiniň esasynda baş gahrymanyň hakyky durmuş wakalary ýatyr. Onda Tensing Norgeýiň ýaklary idedýän çopandan başlap, ýokary derejeli dag ýolbeletine öwrülýänçä geçen ýoly gyzykly beýan edilýär.

Filmi döredenler, esasan, Tensingiň şahsy göreşine we Ewereste bolan ruhy garaýşyna üns berýärler. Çünki Ewerest onuň üçin diňe bir ýetilmeli maksat däl-de, eýsem mukaddes dag bolupdyr.