Turkmenportal logo
16.10.2026
2816328163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda iňlis dili mugallymlary PRESETT we INSETT maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

10–12-nji oktýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA bilim taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynyň esasy maksady geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça PRESETT we iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça INSETT maksatnamalaryny kämilleşdirmekden, okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmakdan hem-de iňlis dilini okatmagyň usulyýetlerini işläp düzmekden ybarat boldy.

Çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem ýurduň orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar kommunikatiw çemeleşme esasynda dil öwretmek, dogry aýdylyşy öwretmek, grammatika sapaklaryny geçirmek hem-de okuwçylaryň dürli derejelerine laýyklykda sapaklary meýilleşdirmek boýunça amaly başarnyklaryny ösdürdiler.

Mundan başga-da, mugallymlar özara tejribe alyşdylar, öňde durýan esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar we PRESETT hem-de INSETT maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini hödürlediler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, okuw maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.