Türkmenistanyň zenanlar gandbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň III zolagy boýunça geçirilýän «Women's IHF Nations Trophy 2026» halkara ýaryşyndaky iki duşuşygynyň ikisinde-de ýeňiş gazanmak bilen üstünlikli başlady. Ýaryş 13–17-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde geçirilýär.
13-nji oktýabrda geçirilen ilkinji duşuşykda türkmen türgenleri Pakistan Respublikasynyň ýygyndysyndan 38:19 hasabynda üstün çykdylar. 15-nji oktýabrda bolsa Türkmenistanyň ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynyň toparyny 47:18 hasabynda ynamly ýeňip, ikinji ýeňşini gazandy.
Türkmenistanyň ýygyndysy indiki duşuşygyny 16-njy oktýabrda Täjigistanyň toparyna garşy geçirer. Ýaryşyň hojaýynlary bolan Özbegistanyň ýygyndysy bilen jemleýji duşuşyk bolsa 17-nji oktýabrda bolar.
Türkmen türgenlerinden başga-da, ýaryşa Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylary gatnaşýar. Toparlar aýlaw görnüşinde bäsleşýärler we olaryň her biri dört duşuşyk geçirýär.
