Turkmenportal logo
Şu gün 09:19
71647164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmegiň halkara güni bellenildi

Türkmenistanda Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmegiň halkara güni mynasybetli çäreler geçirildi. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti Daşoguz şäherindäki 28-nji orta mekdepde «Howpsuzlyk güni» atly çäräni, şeýle hem «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna gatnaşýan mekdepleriň arasynda umumymilli bäsleşikleri guradylar. Bu başlangyja ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş nesliň takmynan 130-sy gatnaşdy.

Geçirilen çäreler şu ýylyň «Durnuklylyk öýden başlanýar: taýýarlyk çagalaryň ýaşaýan we bilim alýan ýerlerinden başlanýar» diýen ählumumy mowzugyny özünde şöhlelendirdi.

Daşoguz şäherindäki mekdepde «Howpsuzlyk güni» çäresi 9-njy oktýabrda geçirildi. Howpsuzlyk sapaklaryndan soň, okuw türgenleşigi hökmünde guralan ýangyn duýduryşy wagtynda 43 synpdaky 1 081 okuwçy, şeýle hem 68 mugallym we işgär binadan gaýragoýulmasyz ýagdaýda çykaryldy. Mekdebiň ähli okuwçylaryny we işgärlerini howpsuz ýere çykarmak 9 minut dowam etdi. Ýygnanyşyk ýerinde okuwçylaryň we işgärleriň 98 göteriminiň bardygy tassyklanyldy. Soňra ýangyn söndürijiler görkezme türgenleşigi bilen çykyş etdiler, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçileri bolsa ilkinji kömek bermek üçin ýörite nokady guradylar. Üç mekdep topary ilkinji kömek, ýangyn howpsuzlygy we raýat goranyşy boýunça dört tapgyrda bäsleşdi.

«Howpsuz geljek üçin ýaşlar» atly umumymilli bäsleşige «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna gatnaşýan 120 mekdebiň 16–20 ýaş aralygyndaky ýaşlary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçileri we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň «Tigirçekli oturgyçdaky tennis» maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýaşlar öz mekdeplerinde we ýaşaýan jemgyýetlerinde tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmäge nähili goşant goşup biljekdikleri barada esse ýazdylar. Jemi 115-den gowrak esse kabul edildi.

Şu gün bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň gatnaşyjylary bäş adamdan ybarat toparlara bölünip, üç sagatlyk şertli adatdan daşary ýagdaý şertlerinde synagdan geçýärler. Bu türgenleşik çözgüt kabul etmegi amaly we fiziki tabşyryklar bilen utgaşdyrýar. Her meýdançada bir ýeňiji topar kesgitlener.

Tigirçekli oturgyçda tennis oýnaýanlar okuwçylar we meýletinçiler bilen bilelikde tötänleýin bije çekmek arkaly düzülen garyşyk toparlarda bäsleşýärler. Zerur bolan ýagdaýynda, her bir gatnaşyjynyň deň derejede goşant goşup bilmegi üçin tabşyryklar uýgunlaşdyrylýar. Olaryň bu çärä gatnaşmagy tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk görlende jemgyýetiň her bir agzasynyň zerurlyklarynyň we mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulmalydygyny ýatladýar.

«Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna gatnaşýan mekdepleriň okuwçylary hem tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk görmek we olara garşy çäreleri geçirmek meseleleri boýunça maglumat diwarlyklaryny taýýarladylar. Ýurdumyzdaky bäş welaýatyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ählisinden takmynan 60 iş gelip gowuşdy. Häzirki wagtda eminler topary bu işleri seljerýär, ýeňijiler bolsa ýakyn wagtda yglan ediler.