Turkmenportal logo
Şu gün 09:01
51665166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde alabaýa bagyşlanan sergi açylar

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanan tematiki serginiň açylyş dabarasy geçiriler.

Açylyş dabarasy sagat 15:00-da başlanar.

Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň güni her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Bu baýram alabaý itiniň tohumynyň arassalygyny gorap saklamagyň, ony halkara derejesinde giňden tanatmagyň we türkmen itşynaslyk däplerini ösdürmegiň ähmiýetini nygtaýar. Sergide muzeýiň gymmatly gaznasynda saklanylýan eksponatlar görkeziler.

Muzeýiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 50.