Aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna boş wagtlaryny dürli çäreler bilen manyly we gyzykly geçirmegi teklip edýäris. Munuň üçin ýakyn günlerde bize birnäçe gyzykly medeni çäreleriň garaşýandygyny hem bellemek gerek.
Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hoşgeldi Hallyýewiç Şahberdiýewiň eserleriniň sergisi açyldy. Suratkeşiň iň gowy işleri muzeýiň ikinji gatynda ýerleşdirildi.
17-nji oktýabrda sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Rasul Gylyjewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirjek «Wena sahypalary» atly konserti geçiriler. Konsertiň maksatnamasyna Mosartyň, Bethoweniň, Ştrausyň, Legaryň we Zuppeniň eserleri girizildi.
19-njy oktýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «MAMA NATURE» («Ene tebigat») atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler. Bilelikdäki medeni-ekologik taslama Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde guralýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm