Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi uly ýaşly adamlara we çagalara saglygy goraýyş dikeldiş usulynda saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertiplerini tassyklady. Degişli 375-nji buýruga ministr M. Gaýypow tarapyndan 2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda gol çekildi. Resminama 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1971 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.
Bu buýruk 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek ministriň orunbasaryna tabşyryldy.
Saglygy dikeltmek adam bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna, şeýle hem zähmet ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň toplumy bolup durýar. Ulular üçin saglygy dikeltmek zähmete ukyplylygy dikeltmegi, maýyplygyň öňüni almagy we näsagyň jemgyýete goşulyşmagyny hem öz içine alýar. Saglygy dikeltmek, ilkinji nobatda, meýilnamalaýyn esasda geçirilýän lukmançylyk kömeginiň görnüşidir. Meýilnamadan daşary saglygy dikeltmek diňe ýiti ýagdaýlardan soňky irki dikeldiş döwründe geçirilip bilner.
Saglygy dikeltmek ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömeginiň, ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömeginiň, lukmançylyk-durmuş kömegiň hem-de şypahana-sagaldyş kömeginiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol gatnawly şertlerde, şol sanda näsagyň öýünde, gündizki ýatymlaýyn şertlerde we ýatymlaýyn şertlerde geçirilip bilner.
Saglygy dikeltmek kömegi üç tapgyrda, Köp ugurly saglygy dikeltmek topary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Toparyň esasy düzümi adatça şu aşakdaky hünärmenlerden ybarat bolup durýar: saglygy dikeltmek boýunça lukman (utgaşdyryjy), esasy kesel boýunça inçe ugurly, bedenterbiýe-sagaldyş lukmany, psiholog, logoped, saglygy dikeltmek boýunça şepagat uýasy. Zerur bolan halatlarda ergoterapewt, fizioterapewt, psihoterapewt, durmuş işgäri we beýleki hünärmenler hem işe çekilýär.
Ulular üçin birinji tapgyrynda geçirilýän saglygy dikeltmek çäreleri birinji tapgyry ýatymlaýyn şertlerde, keseliň iň ýiti (72 sagada çenli dowam edýän) we ýiti döwürlerinden başlap geçirilmegi maslahat berilýär. Bejeriş her gün, bir sagatdan üç sagada çenli dowam edýär.Saglygy dikeltmegiň ikinji tapgyry saglygy goraýyş edaralarynyň sagaldyş-dikeldiş bölümlerinde, sagaldyş-dikeldiş merkezlerinde we şypahana-sagaldyş edaralarynda geçirilýär. Bejeriş her gün, azyndan üç sagat dowam etmelidir.Üçünji tapgyr gatnawly şertlerde ýa-da gündizki gündizki ýatymlaýyn şertlerde geçirilýär. Bu tapgyrda bejeriş azyndan her 48 sagatdan bir gezek geçirilip, her sapagyň dowamlylygy üç sagatdan az bolmaly däldir.
Çagalar üçin gözegçiligiň bäş derejesi göz öňünde tutulýar. Olar çaganyň ýagdaýynyň agyrlygyna we keseliň geçiş aýratynlyklaryna baglylykda kesgitlenýär: bäşinji dereje reanimasiýadaky näsaglary, birinji dereje bolsa ýagdaýy kanagatlanarly bolan çagalary öz içine alýar. Saglygy dikeltmegiň üç tapgyrynyň her birinde onuň geçiriljek ýeri çaganyň degişli derejesine görä kesgitlenýär. Şol sanda doglanda agramy pes bolan çagalar üçin hem saglygy dikeldiş kömegini mümkin boldugyça ir başlamak maslahat berilýär. Çaganyň saglyk ýagdaýyna azyndan üç günden bir gezek, üç ýaşa çenli çagalara bolsa her gün gözegçilik edilmelidir. Reanimasiýa bölümindäki çagalara günde azyndan üç gezek gözegçilik edilýär.
Näsagyň saglygyny dikeltmäge ibermek baradaky karary degişli görkezmeler bar bolan we garşy görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda bejerýän lukman kabul edýär. Näsagyň saglygyny dikeltmäge başlamazdan öň lukman näsagyň ýagdaýyna baha berýär, Işjeňligiň, ýaşaýşyň we saglygyň halkara klassifikasiýasyna laýyklykda saglygy dikeldiş anyklaýşyny kesgitleýär, dikeldiş mümkinçiligini bahalandyrýar, maksatlary belleýär we şahsy saglygy dikeldiş meýilnamasyny düzýär.
Näsagyň ýagdaýy azyndan hepdede bir gezek we her tapgyr tamamlanandan soň bahalandyrylýar. Netijeler boýunça näsagyň mundan beýläkki bejergisi we gözegçiligi baradaky maslahatlary öz içine alýan saglygy dikeldiş epikrizi düzülýär. Näsaga, çaga degişli bolan ýagdaýynda bolsa onuň ene-atasyna ýa-da kanuny wekiline öý şertlerinde ýerine ýetirmek üçin ýazmaça maslahatlar berilýär.
Toplumlaýyn saglygy dikeltmek kömegini, şol sanda maýyplaryň abilitasiýasyny geçirmäge garşy görkezmeler bolup indiki keseller we ýagdaýlar degişli:
Bakteriýalary daşky gurşawa bölüp çykarýan inçekesel;
Ýiti ýokanç keseller we ýitileşen dowamly ýokanç keseller;
Howply çişe garşy bejergini talap edýän howply täze döremeler;
Derman serişdelerine durnukly agyr epilepsiýa;
Ýiti psihiki bozulmalar we psihiki işjeňleşdiriji serişdeleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly bozulmalar;
Iriňli keseller we gangrena;
Deriniň agyr keselleri;
Intensiw lukmançylyk gözegçiligini, bejergini we idegi talap edýän beýleki keseller we ýagdaýlar.
Tassyklanan tertipler saglygy dikeldiş kömegini bermekde telelukmançylyk aragatnaşygyny hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle kömegi berýän lukmançylyk edaralary baradaky maglumatlar olaryň resmi internet sahypalarynda we maglumat tagtalarynda ýerleşdiriler.