Turkmenportal logo
Düýn 15:12
2310823108
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda türkmen uzyn gulakly ýarganaty ilkinji gezek hasaba alyndy

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň alymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde ýurduň çäginde ilkinji gezek türkmen uzyn gulakly ýarganatyny (Plecotus turkmenicus) ýüze çykardylar. Bu ýarganat seýrek duş gelýän we az öwrenilen görnüşleriň biridir. Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu jandar «Günorta Üstýurt» milli tebigy goraghanasynda ýüze çykaryldy.

Türkmen uzyn gulakly ýarganaty Merkezi Aziýanyň haýwanat dünýäsiniň seýrek duş gelýän wekillerine degişlidir. Şu wagta çenli bu görnüş baradaky maglumatlar, esasan, 1970-nji ýyla çenli toplanan gözlegleriň netijelerine we muzeý nusgalaryna esaslanýardy. Soňky 55 ýylyň dowamynda onuň tebigy ýaşaýan ýerlerinde duş gelinmegi diýseň seýrek boldy.

Bu açyş  «One Health in Nature Conservation» («Tebigaty goramakda bitewi saglyk») atly taslamanyň çäklerinde geçirilen ylmy ekspedisiýanyň netijesinde amala aşyryldy. Bu başlangyç Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (IUCN) tarapyndan Germaniýanyň Daşky gurşaw ministrliginiň Halkara howa başlangyjynyň (IKI) maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen uzyn gulakly ýarganatynyň ýüze çykarylmagy Özbegistanyň ýarganatlarynyň görnüş köpdürlüligi baradaky düşünjeleri giňeldýär. Şeýle hem bu açyş sebitiň seýrek duş gelýän haýwan görnüşlerini mundan beýläk-de öwrenmek we gorap saklamak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.