Turkmenportal logo
Düýn 14:40
70097009
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Frederik Şopen — fortepianonyň şahyry» atly sazly agşam geçiriler

8-nji noýabrda Aşgabatda Wladimir Mkrtumowyň gatnaşmagynda «Fortepianonyň başynda söhbetdeşlikler» atly döredijilik tapgyrynyň çäklerinde «Frederik Şopen — fortepianonyň şahyry» atly sazly agşam geçiriler.

Sazly agşamyň maksatnamasynda:

  • XIX asyrdaky Parižiň salonlarynyň özboluşly ruhy we «fortepianonyň şahyry» Frederik Şopeniň janly ýerine ýetirilişdäki sazlary.

  • Beýik romantik kompozitoryň durmuşynyň we söýgüsiniň syrly sahypalary. Onuň özüniň näme üçin Parižde jaýlanandygy, ýüreginiň bolsa näme üçin hemişelik Warşawada galandygy baradaky gyzykly gürrüň;

  • Ýakymly we rahat zaldaky sazlaşykly gurşaw, süýjülikler, içgiler hem-de nusgawy sungatyň çuňňur dünýäsi.

  • Maestronyň myhmanlara sowgady: sazly agşama gatnaşýan her bir zenana Şopeniň döredijiliginiň ruhunda taýýarlanan aýratyn sowgat garaşýar.

Sazly agşam Aşgabat şäherindäki «Paýtagt» myhmanhanasynyň «Şokoladnisa» kafesinde geçiriler. Salgysy: Magtymguly şaýoly, 74.

Sazly agşamyň başlanýan wagty: 18:00.

Çäräniň geçiriljek kiçi zalyndaky orunlaryň sany çäklidir.

Orunlary öňünden sargyt etmek üçin telefon belgileri: +993 63 508877, +993 64 037456, +993 63 467177.