Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky Koreý bilim merkezine administratoryň kömekçisi wezipesine işgär kabul edilýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: koreý, türkmen we rus dillerini erkin bilmeli; Microsoft Office programmalaryndan (Excel, Word, PowerPoint) baş çykarmaly; talyplar we olaryň ene-atalary bilen netijeli aragatnaşyk saklamak başarnygy bolmagy; jogapkärçilikli we sap ýürekli bolmaly.
Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 18-nji oktýabr, ýekşenbe güni, sagat 24:00-a çenli.
Has giňişleýin maglumatlar bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.