Müsürde Nil derýasynyň deltasyndaky Behbeýt el-Hagar obasynda faraon Ramzes II iki sany heýkeliniň galyndylary tapyldy. Daýhan öz ekin ýerinde syrly daş bölegini görüp, ýerli häkimiýetlere habar berdi diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Müsüriň Syýahatçylyk we gadymylyklar ministrligi heýkelleriň 3 müň töweregi ýaşynyň bardygyny habar berdi. Olaryň biri Ramzes II beýikligi 1,6 metr bolan kelle heýkelidir. Ol Ýokary we Aşaky Müsüriň birleşmegini aňladýan iki täçli keşpde şekillendirilipdir. Bilermenler heýkeliň asyl boýunyň 8,5 metre deň bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Ikinji heýkel has uly, 2,4 metr töweregi, emma onuň aýaklary we aşaky bölegi ýok. Heýkeliň ýüz bölegi oňat saklanypdyr. Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda Ramzes II bilen bagly derejeleri özünde jemleýän iýeroglifik ýazgylar hem tapyldy.
Ýerli ýolbaşçylar daýhana Müsüriň medeni mirasynyň möhüm bölegini goramaga ýardam edendigi üçin hoşallyk bildirdiler. Arheologlar bu açyşyň ýurduň faraonlar döwründäki taryhyny öwrenmekde täze sahypa boljakdygyna umyt edýärler.