Türkmenistanyň döredijilik topary 5–9-njy oktýabr aralygynda Türküstan şäherinde TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň goldawy bilen geçirilen halkara talyplar teatrlarynyň IV festiwalyna gatnaşdy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, festiwala Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden gelen teatr toparlary gatnaşdy. Olar milli mirasy, däp-dessurlary we häzirki zaman durmuşyny açyp görkezýän sahna eserlerini tomaşaçylara hödürlediler.
Festiwalyň eminler toparynyň düzümine oňa gatnaşýan ýurtlaryň meşhur medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow hem girdi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplary meşhur ahalteke bedewleri barada gürrüň berýän «Bedew sarpasy» atly spektakly görkezdiler. Spektaklyň edebi esasyny institutyň talyby Şageldi Salyhow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynyň esasynda taýýarlady. Spektaklyň režissýory mugallym Merdan Handurdyýew boldy.
Festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň talyplarynyň sahna eseri «Milli temanyň sahnada iň gowy beýany» diýen ugur boýunça baýrak bilen sylaglandy. Türkmen wekillerine halkara festiwalynyň Kubogy, TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretariatynyň we Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat haty, şeýle hem Türküstan şäheriniň häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy.