Finlýandiýadaky Ýuusluoto adalar toplumy 4,8 million ýewro bahadan satuwa çykaryldy. Bu ýer Sowetler döwründe ýokary derejeli ýapyk duşuşyklaryň geçirilendigi bilen bellidir diýip, «Talouselämä» fin neşirine salgylanýan «MK.RU» habar berdi.
Adadaky kabulhanada Finlýandiýanyň Prezidenti Urho Kekkonen hem-de SSKP-niň MK-niň baş sekretary Leonid Brežnew bolupdyr.
Toplum Arhipelag deňzinde ýerleşip, özüne bäş adany jemleýär. Müşderä 25 gektar gury ýer we 76 gektar suw çägi teklip edilýär. Adanyň eýesi bolan kompaniýa ony iki ýyl bäri satmaga synanyşýar, şu döwürde onuň bahasy 6,5 million ýewrodan 4,8 million ýewro çenli arzanlady.