Turkmenportal logo
Düýn 15:20
1074810748
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa daşary ýurtlular üçin gyssagly wizalary resmileşdirmek boýunça ýygymlary ýokarlandyrdy

Russiýa daşary ýurtly raýatlar üçin wizalary gyssagly resmileşdirmek boýunça konsullyk ýygymlaryny ýokarlandyrdy. Üýtgeşmeler 14-nji oktýabrda güýç girdi diýip, RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

«Üns beriň, 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky №1292 «Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2010-njy ýylyň 11-nji noýabryndaky №889 Kararyna üýtgetmeler girizmek barada» Karary güýçä girýär. Oňa laýyklykda, 3 iş günüň dowamynda wizalary gyssagly resmileşdirmek boýunça konsullyk ýygymlarynyň nyrhlarynyň (adaty okuw we üstaşyr wizalar muňa girmeýär) iki esse ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar» diýlip, habarnamada aýdylýar.

Täze nyrhlara laýyklykda, hususy, işewürlik we ynsanperwerlik wizalaryny resmileşdirmegiň bahasy aşakdaky ýaly bolar:

  • adaty bir gezeklik — $80, iki gezeklik — $128, köp gezeklik — $240;

  • gyssagly bir gezeklik — $320, iki gezeklik — $512, köp gezeklik — $960.

Syýahatçylyk wizalary üçin aşakdaky nyrhlar kesgitlendi:

  • adaty bir gezeklik — $80, iki gezeklik — $128;

  • gyssagly bir gezeklik — $320, iki gezeklik — $512.

Ýaşaýyş rugsady (RVP) esasyndaky wiza adaty tertipde resmileşdirilende $60, gyssagly ýagdaýda bolsa $640 bolar.

Iş wizalary boýunça ýygymlar aşakdaky ýaly bolar:

  • adaty bir gezeklik — $160, iki gezeklik — $256, köp gezeklik — $480;

  • gyssagly bir gezeklik — $640, iki gezeklik — $1024, köp gezeklik — $1920.

Konsullyk ýygymlarynyň galan nyrhlary öňküligine galdy.

Ilçihana ýüz tutujylara diplomatik wekilhananyň saýtynda täze nyrhlar bilen öňünden tanyşmagy hem-de konsullyk bölüminiň kassasynda töleg etmek üçin zerur möçberdäki serişdeleri taýýarlamagy maslahat berýär.