Turkmenportal logo
Düýn 14:36
72277227
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanly hünärmenler türkmen talyp lukmanlary üçin aýurweda boýunça webinar geçirdiler

Hindistanyň Goa ştatynda ýerleşýän Bütinhindistan Aýurweda instituty (AIIA) Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin webinar geçirdi. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Onlaýn sapagyň mowzugy «Aýurwedada keselleriň patogenezi: üç doşa nazaryýeti» diýlip atlandyryldy. Webinary institutyň dekanynyň orunbasary, doktor Mohan R. Joşi alyp bardy. Çärä sport we saglygy dikeldiş fakultetiniň dekany hem-de talyplary gatnaşdylar.

Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, lektor aýurwedanyň üç esasy doşanyň deňagramlylygynyň bozulmagy baradaky düşünjesini giňişleýin düşündirdi. Olar wata (howa we giňişlik), pitta (ot we suw), kapha (ýer we suw) diýlip atlandyrylýar. Ol şu üç doşanyň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagynyň keselleriň ýüze çykmagy we ösmegi bilen nähili baglanyşyklydygyny düşündirdi. Tanyşdyrylyşdan soň sorag-jogap alyşmak geçirildi. Ilçihananyň maglumatlaryna görä, bu sorag-jogap alyşmak talyplara aýurweda we üç doşa nazaryýeti barada has çuňňur düşünje almaga ýardam berdi.

Diplomatik wekilhananyň ýatlatmagyna görä, 2015-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Aşgabada saparynyň dowamynda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi açylypdy. 2026-njy ýylyň ýanwarynda bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda otagy döredildi.

Ilçihana tarapyndan bellenilişi ýaly, Hindistan «Giňeldilen goňşuçylyk» syýasatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ösüş babatdaky tejribesini, şol sanda saglygy goraýyş, derman senagaty, aýurweda we adaty lukmançylyk ugurlaryndaky tejribesini paýlaşmagy dowam etdirer.