Hüjümçi Serdar Azmunyň iki goly Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» toparyna Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) çempionlarynyň Elita ligasynyň esasy oýunlarynyň ikinji tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykmaga kömek etdi. Duşuşyk 13-nji oktýabrda geçirildi.
Serdar Azmun duşuşygyň 7-nji minutynda hasaby açdy, 16-njy minutda bolsa toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. «Al-Ittihad» toparynyň ýeke-täk goluny 66-njy minutda R. Rios geçirdi.
Serdar Azmun Eýranyň Kümmet-Kowus şäherinde dünýä indi we gelip çykyşy boýunça türkmendir.
Iki tapgyryň netijeleri boýunça «Şabab Al-Ahli» 6 utuk toplap, Günbatar sebitiniň sanawynda dördünji orny eýeleýär. Topar 1/8 finala çykmaga hukuk berýän ilkinji sekizligiň hataryna girýär. Bir utugy bolan «Al-Ittihad» bolsa 11-nji orunda ýerleşýär.
Şu möwsümde ýaryşyň esasy tapgyryna 32 topar gatnaşýar, olaryň her sebitde 16-sy çykyş edýär. Ýaryşyň final duşuşygy 2027-nji ýylyň 1-nji maýynda geçiriler.