Turkmenportal logo
14.10.2026
1018910189
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tahyr Ataýewiň orkestri döredijilik ýolunyň 8 ýyllygyny belleýär

Sekiz ýyl mundan ozal Aşgabadyň medeni durmuşynda nusgawy we häzirki zaman saz sungatynyň giňden wagyz edilmegine uly goşant goşan täze bir saz topary peýda boldy. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr ýüzlerçe tomaşaçysy doly zalda geçen konsertleri, onlarça täzeçillik häsiýetli maksatnamalary we diňleýjileriň uly söýgüsini gazanan sekiz ýyllyk döredijilik ýolunyň jemini jemleýär.

Toparyň dörediliş taryhy 2018-nji ýyldan başlanýar. Şol ýyl ýaş sazanda Tahyr Ataýewiň başlangyjy bilen dürli döredijilik synaglaryna açyk, çeýe ýerine ýetirijiler düzümi döredildi. Gysga wagtyň içinde şahsy başlangyç giňden tanalýan milli medeni brende öwrüldi. Döredilen gününden bäri toparyň esasy maksady orkestr sazyny giň köpçülige ýetirmek, onuň hemmeler üçin elýeterlidigini, joşgunlylygyny we häzirki döwür bilen aýakdaşdygyny görkezmek bolup durýar.

Toparyň döredijilik işiniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň saz žanrlarynyň giň gerimini öz içine almagydyr. Orkestr dünýä nusgawy sazlaryny, türkmen saz sungatynyň Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow ýaly ussatlarynyň döreden ajaýyp eserlerini, kinofilmleriň sazlaryny, pop-medeniýetiň eserlerini, rok sazynyň meşhur kompozisiýalaryny we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirýär.

Orkestriň düzüminde ýaş, ýokary hünärli sazandalar we ussat ýerine ýetirijiler çykyş edýärler. Olaryň sazlaşykly ýerine ýetirijilik ussatlygy, hünär derejesi hem-de dirižýor bilen sazlaşykly işleşmegi konsertleriň hemişe ýokary derejede geçmegini üpjün edýär.

«Saz ynsan kalbyna täsir etmelidir. Eger tomaşaçy konsertden täze duýgular we täsirler bilen gaýdýan bolsa, diýmek, çeken zähmetimiz ýerine düşüpdir», — Tahyr Ataýewiň we onuň toparynyň döredijilik işinde esasy ýörelge bolup galýan garaýyş hut şundan ybarat.

Sekiz ýyllyk döredijilik ýolunyň jemlenmegi toparyň kämillik derejesine ýetendigini görkezýär. Häzirki wagtda Tahyr Ataýewiň orkestri işjeň konsert çykyşlaryny dowam etdirýär, geljegi uly täze maksatnamalary taýýarlaýar, ýerine ýetirijilik usullary bilen tejribe geçirýär we akademiki saz sungatynyň mümkinçiliklerini giňeldýär.

Topar öz döredijilik baýramyny 25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçiriljek «HANS ZIMMER'S UNIVERSE» atly konsert bilen bellär.