Türkmenistanda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Lu Ban ussahanasynda täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlaryň hünär bilimini kämilleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy — diýlip, «turkmengaz.gov.tm» saýtynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine salgylanmak bilen habar berilýär.
Dabarada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Atamanow, Sian nebit uniwersitetiniň rektory Wan Szinfu, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň rektory Ýu Ligo (sanly aragatnaşyk arkaly) hem-de Şensi welaýatynyň bilim müdirliginiň ýokary bilim bölüminiň müdiri Ýan Pen çykyş edip, gutlag sözlerini aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda Baýrammyrat Atamanow «Peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugurlary boýunça birinji ýyl talyplaryna diplomlary gowşurdy.
Ýatladyp geçsek, Lu Ban ussahanasy Hytaýyň goldawy bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredildi. Lu Ban ussahanasy häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen merkez bolup, ol talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri hem-de maglumat ulgamlary ugurlarynda hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.