Turkmenportal logo
Düýn 10:58
87558755
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Hangyl güni koreý hatdatlygy boýunça bäsleşik bilen bellenildi

9-njy oktýabrda Aşgabatdaky Beýik Sejong adyndaky Koreý bilim merkezinde koreý elipbiýiniň baýramy bolan Hangyl güni bellenildi. Çäräniň esasy wakasy «Hangyl elipbiýinde owadan ýazmak sungaty» (한글 예쁘게 쓰기) atly hatdatlyk bäsleşigi boldy.

Çäräniň başynda merkeziň diňleýjileri baýramyň taryhy bilen tanyşdylar we bu güne bagyşlanan wideofilme tomaşa etdiler. Soňra olar amaly işe girişdiler. Bäsleşige taýýarlyk derejesi dürli bolan merkeziň 30 diňleýjisi gatnaşdy. Olara koreý dilindäki bir jümläni ýa-da goşgynyň setirlerini çotga bilen ýazmak hem-de öz isleglerine görä bezemek tabşyryldy.

Bäsleşigiň eminleri ýazylan tekstiň sowatlylygyna we dogrulygyna, hatyň arassalygyna, çyzyklaryň yzygiderliliginiň we ölçegleriniň berjaý edilişine, şeýle hem işiň kompozisiýasyna baha berdiler.

Merkeziň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, şeýle çäreler diňleýjilere koreý diliniň gözelligine has çuňňur düşünmäge ýardam edýär we Türkmenistanda bu dili öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar. Çäre ýurtda koreý dilini we medeniýetini giňden wagyz etmäge gönükdirildi.

Hangyl güni Koreýa Respublikasynda her ýylyň 9-njy oktýabrynda bellenip geçilýär. Koreý elipbiýi Beýik Sejong patyşanyň başlangyjy bilen 1443-nji ýylda döredilip, 1446-njy ýylda resmi taýdan halka mälim edilipdir. Elipbiýiň gurluş ýörelgelerini düşündirýän «Hunmin Çonum Herbon» (훈민정음 해례본) golýazmasy 1997-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizildi.