Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy diýip, «Trend» habar berýär.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar sebitiniň geosyýasy artykmaçlyklaryny peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedigini mälim etdi.
Diplomatyň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär.


Ilçi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky geografik ýerleşişi, şeýle hem energetika we tebigy seretleri sebäpli strategik ähmiýete eýe bolan Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Ilçi iki ýurduň ulag-logistika hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we Bakuwyň halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalarynyň netijeli ugurlaryny üpjün edýär we Hazar sebitiniň iri logistika merkezine öwrülmegine ýardam edýär.
Şeýle hem ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara bilelikdäki toparyň eýeleýän ornuny nygtady. Onuň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meselelerini yzygiderli ara alyp maslahatlaşýarlar.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow öz gezeginde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ähmiýetini belledi we döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynamly gatnaşyklaryň, halkara guramalaryň çäklerindäki özara goldawyň hem-de ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň eýeleýän ornuny nygtady.
«Azerbaýjany we Türkmenistany umumy taryh, medeniýet, dostlukly we doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär» diýip, ol belledi.
Şeýle-de ministr Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki kärhanalary hem-de önümçilik toplumlaryny döretmäge mümkinçilik berýän uly serişde kuwwatyna eýedigini belledi.
«Biziň ýurtlarymyz uly serişde kuwwatyna eýedir. Bu bolsa bilelikdäki kärhanalary, önümçilik toplumlaryny döretmek we tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip, ministr belledi.