Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers ýurduň ilatynyň arasynda meşhurlygynyň pese gaçmagy bilen baglylykda beýanat berip, özüniň «milletiň söýgüsini gazanmaga» çalyşmaýandygyny nygtady. Ol muny öz Hökümetiniň durmuş syýasatyny ilatyň bir böleginiň kabul etmändigi bilen düşündirip: «Emma meniň milletiň gowy görýänjesi bolmak meýlim ýok. Men bu ýurdy ýaş nesliň geljeginiň hatyrasyna akylly-başly ösüş ýoluna gönükdirmek isleýärin» diýip, Germaniýanyň Federal iş berijiler bileleşiginiň (BDA) maslahatynda çykyş edende aýtdy.
Kansler şunuň bilen baglylykda, işewürligiň wekillerini durmuş ätiýaçlandyryşy ulgamyny üýtgedip guramaga gönükdirilen hökümet özgertmesini goldamaga çagyrdy. Onuň: «Bu özgertmeler 30 ýyl mundan öň geçirilmelidi» diýen sözüne zalda oturanlar el çarpdylar diýip, TASS ýazýar. Zähmet bazaryny özgertmek baradaky çäreleriň toplumy geljek ýylyň başynda güýje girer diýlip garaşylýar.
«Infratest dimap» seljeriş institutynyň «ABD» teleýaýlymy üçin geçiren pikir soraşmasyna görä, Fridrih Mersiň işini goldaýanlaryň sany iň pes derejä – 10 göterime ýetipdir. Bu 1997-nji ýyldan bäri iň pes görkezijidir.