Özbegistanyň derman senagaty boýunça iş alyp barýan kärhanalary Aşgabatda geçirilen Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide birnäçe gepleşikleri geçirdiler we türkmen tarapy bilen möhüm ylalaşyklary baglaşdylar. Bu barada uza.uz saýty habar berýär.
«Gepleşikleriň netijesinde Özbegistanyň derman önümlerini Türkmenistanyň bazaryna giň gerimde eksport etmek, bellige alyş düzgünlerini we tertiplerini ýeňilleşdirmek hem-de çaltlandyrmak, şeýle hem ýerli öndürijileriň Türkmenistanda geçirilmeli bäsleşikli söwdalara (tenderlere) işjeň gatnaşmagyny guramak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy» diýlip, habarda bellenilýär.
Habarda bellenilişine görä, sergä gatnaşan özbek wekiliýetiniň düzümimden ýurduň öňdebaryjy farmasewtika kompaniýasynyň wekilleri orun aldy.