Turkmenportal logo
Düýn 09:54
52115211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp: «Men höwes bilen üçünji möhlete galardym»
Surat: belta.by

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp mümkinçilik bolsa, özüniň wezipesinde üçünji möhlete hem höwes bilen galjakdygyny aýtdy diýip, «Associated Press» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.

Ogaýo ştatynda Respublikaçylar partiýasynyň tarapdarlary bilen duşuşyga gatnaşyjylar: «Ýene dört ýyl» diýip şowhunly gygyryşyp başlanlarynda, Tramp: «Uly höwes bilen galardym» diýdi.

Kanun boýunça Trampyň ikinji möhleti 2029-njy ýylyň ýanwarynda tamamlanmaly. ABŞ-nyň Konstitusiýasyna 1951-nji ýylda girizilen 22-nji düzediş Prezidentiň wezipesinde bolmagy iki möhlet bilen çäklendirýär. Emma häzirki Prezident öňem birnäçe gezek üçünji möhlete saýlanmak üçin islegi barada ýaňzydypdy.